Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany öz halky üçin $10,7 milliard goýberýär


Saud Arabystanynyň patyşasy Abdylla ençeme aýlap daşary ýurtda saglygyna seretdireninden soň, çarşenbe güni yzyna dolandy.

Patyşanyň dolanmagynyň yzýany ýurduň telewideniýesi onuň ýurtdaky ösüş fondlaryna 10,7 milliard dollarlyk pul goýbermäge görkezme berendigini aýtdy.

Bu ösüş fondlary arabystanlylara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga, durmuş toýlaryny tutmaga we kiçi biznesi ýola goýmaga hemaýat berer.

Patyşa Abdylla bejergi alýan wagty Ýakyn Gündogar ýurtlarynda protestler tolkuny möwç aldy.

Protestleriň döremeginiň esasy sebäpleri - bu ýurtlardaky garyplyk we syýasy reformalary amala aşyrmak talaplarydyr.
XS
SM
MD
LG