Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe hindistanlylar ýurduň paýtagtynda ýöriş geçirýärler


Müňlerçe hindistanlylar ýurduň paýtagtynda azyk harytlarynyň bahalarynyň galmagyna we işsizlige garşy ýöriş geçirýärler.

“Indo-Asian” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, 200,000 töweregi adam şäheriň parlament meýdançasyna tarap ýöriş geçiripdir.

Berilýän maglumata görä, ýurduň harby guramalarynyň hem 10,000 töweregi wekilleri ýörişe goşulypdyrlar.

Hindistanyň polisiýasynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, 2,000 töweregi polisiýa işgärleri ýagdaýlara gözegçilik etmek üçin köçelere çykarylypdyr.
XS
SM
MD
LG