Sepleriň elýeterliligi

Ýemendäki protestlerde bir demonstrant atylyp öldürildi


Ýemende hökümet tarapdarlary we polisiýa işgärleri paýtagt Sanadaky protestçileriň lagerini dargatjak bolanda azyndan bir demonstrantyň atylyp öldürilendigi habar berilýär.

Demonstrantlar ýurda 32 ýyl bäri baştutanlyk edýän Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.

Ýurduň keselhana işgärleriniň aýtmagyna görä, sişenbe güni Sana uniwersitetinde demonstrantlara hüjüm edilende azyndan 11 adam ýaralanypdyr.

Hökümet güýçleriniň protestçileri dargatmak üçin eden synanşyklary şowsuz boldy.

Berilýän habarlara görä, müňlerçe adam, şol sanda intelligensiýa wekilleri hem protestlere goşulypdyrlar.
XS
SM
MD
LG