Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada öldürilenleriň sanynyň 1,000-e ýetendigi aýdylýar


Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattininiň Tripolidäki Italiýanyň ilçihanasyna salgylanyp aýtmagyna görä, Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafi ýurduň Kirenaýk şäherine kontrollygyny ýitiripdir.

Frattini Kaddafiniň 42 ýyllyk häkimiýetine garşy geçirilýän protestlerde öldürilenleriň sanynyň 1,000-e ýetendigi baradaky maglumat “ynamdar” diýip belledi.

Daşary işler ministri Frattini Liwiýadaky bidüzgünçiliker sebäpli 300,000 töweregi liwiýalylaryň Italiýa gaçyp atmak ähtimallygynyň bardygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG