Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň rowaýaty egindeşlerine täsir edipdir


Berdimuhamedow "Babadurmaz" daýhan birleşiginde, 23-nji fewral, 2011-nji ýyl.
Berdimuhamedow "Babadurmaz" daýhan birleşiginde, 23-nji fewral, 2011-nji ýyl.
Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň "Babadurmaz" daýhan birleşigine "duýdansyz baryp", ol ýeriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy.

Prezidentiň ilkinji baran ýeri "Babadurmaz" daýhan birleşigindäki 19-njy orta mekdep boldy. Bu ýerde Berdimuhamedow okuwçylaryň sapak geçişi bilen tanyşdy hem-de olaryň geljekde haýsy käri saýlap almak isleýändigini sorady. Öz gezeginde mekdep okuwçylary Berdimuhamedowyň şanyna öwgüli goşgulary aýdyp berdiler.

Berdimuhamedow okuwçylaryň sapak geçişi bilen tanyşdy, 23-nji fewral.
Mekdebiň ýokary klas okuwçylary bilen duşuşygynda Berdimuhamedowyň Soltan Sanjar bilen bagly rowaýaty aýdyp berendigini türkmen mediasy habar berýär. Habardan mälim bolşuna görä, ýurt baştutanynyň gürrüň beren bu rowaýaty diňe bir okuwçylara däl, eýsem prezidentiň egindeşlerine hem uly täsir edipdir. Olar bu rowaýaty ilkinji gezek diňläp görüpdirler.

Prezidentiň mekdep okuwçylaryna hem-de egindeşlerine Soltan Sanjar bilen bagly nähili rowaýaty aýdandygy barada mediada anyk maglumat berilmedi.

Mekdepde okuwlaryň guralyşy bilen tanşandan soň, Berdimuhamedow Babadurmaz oba geňeşligine bardy we ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Prezident bu ýere ýygnanan degişli ýolbaşçylara "Babadurmaz" daýhan birleşiginde mekdebiň we çagalar bagynyň täze binasyny gurmak, agyz suwy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, köçeleriň durkuny täzelemek işlerini bellenen möhletde ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da prezident Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň taslamasyny işläp taýýarlamak barada hem aýtdy. Bu köpri bu ýeriniň oba ilaty üçin hem-de ýük gatnawy babatda ýokary amatlyklary üpjün eder.

"Babadurmaz" daýhan birleşigi Akbugdaý etrabynyň iň bir çetinde ýerleşip, onuň ilatynyň aglaba bölegi 1992-93-nji ýyllarda Täjigistanda graždanlyk urşy döwründe Türkmenistana bosup gelen türkmenlerdir.

Etrabyň çetinde ýerleşýän bu daýhan birleşiginiň infrastrukturasy juda ýaramaz halda.

Daýhan birleşiginiň ýerli ilatynyň parniklerde limondyr gök-önümleri ýetişdirmekde baý tejribeleri bardyr. Babadurmazlylaryň ýetişdirýän arahisleri bolsa şäheriň bazarlaryny bezeýär.

Öz obalaryna döwlet baştutanynyň gadam basmagyna babadurmazlylaryň juda begenendikleri barada ýurduň telewideniýesinde birnäçe söhbetdeşlikler guraldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG