Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ, BMG Liwiýadaky zorluklary bes etmäge çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telewideniýe boýunça çykyş edip, Liwiýada zorluklary bes etmäge çagyrdy.

“Gandöküşlik Liwiýada ýol bererlik däldir. Parahat demonstrantlara haýbat atmalar, olary oka tutmaga buýruk bermegem ýol bererlik däldir. Bu hereketler diňe bir halkara normalaryny bozman, edebiň ähli kadalaryndan çykýar. Zorlugyň soňuna nokat goýulmalydyr. Adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy üçin hökümet jeza çekmelidir”diýip, Obama Liwiýa häkimiýetleri babatda ulanyp boljak ähli çärelere seretmegi öz administrasiýasyna tabşyrandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Nýu-Ýorkda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Liwiýadaky ýagdaýa şeýle baha berdi: “Uly alada bilen Liwiýadaky wakalara syn edýäris. Häzirki öňünden aýdyp bolmajak ýagdaý. Ol dürli ugurlar, şol sanda howply ugurlar bilen ösüp biler. Şu çylşyrymly pursat Liwiýada wakalaryň tiz hem parhat syýasata öwrülmegi üçin halkara jemgyýetiniň agzybirligi, tagallalary bilelikde görmegi zerur”.
XS
SM
MD
LG