Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi häkimiýet ugrundaky göreşini dowam etdirýär


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi häkimiýet ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Paýtagt Tripoli Kaddafä wepaly güýçleriň elinde saklanýar.

Gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä, köçelere çykmak howply. Şäherde ok sesleri eşidilýär. Daşary ýurtlular Liwiýany terk edýärler.

Kaddafiniň ogly Seýf al-Yslam telewideniýede eden çykyşynda ýurtda ýagdaýyň kadalaşýandygyny, portlaryň, aeroportlaryň, mekdepleriň açykdygyny aýtdy.

Liwiýada Kirenaika welaýatyny, Tobruk, Bengazi şäherlerini goşmak bilen ýurduň tutuş gündogar bölegine hökümete garşy güýçler kontrollyk edýär. Harby gullukçylar gozgalaňçylaryň tarapyna geçýär.

Çarşenbe güni Liwiýanyň bir ýok ediji harby uçary ýykyldy. Uçary sürüjiler Bengazi şäherini bombalamak barada berlen buýrugy ýerine ýetirmezlik üçin uçardan bökmek kararyna geldi.

Liwiýanyň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, protestleriň dokuz gününde 300 adam ölüpdir. Adam hukuklary ugrundaky Halkara federasiýa ölenleriň sanyny bärsinden 640 adam hasap edýär. Italiýa olaryň 1,000-e golaýlandygyna ynanýar.
XS
SM
MD
LG