Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda telekompaniýanyň territoriýasynda bomba tapyldy


Çarşenbe güni Gürjüstanda, hususy “Imediýa” telekompaniýasynyň territoriýasynda polisiýa bärsinden iki bomba tapdy diýip, ýurduň IIM-niň wekili Şota Utiaşwili aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bombalar Orsýetiň ýörite gulluklary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän jenaýatçy topar tarapyndan goýlupdyr.

Geçen ýylyň dekabrynda Gürjüstanda partlama taýýarlamakda aýyplanyp, alty adam tussag edilipdi. Şonda resmi çeşmeler hem şol toparyň Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ofiseri bilen gatnaşygy barada aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG