Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan- ÝB” bilelikdäki komitetiň maslahaty boldy


23-nji fewralda Aşgabatda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň nobatdaky 11-nji maslahaty boldy. Onda häzirki hereket edýän we işlenip düzülýän proýektdir programmalaryň kontekstinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň perspektiwalaryna seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda, inwestisiýalar, bilim, transport, aragatnaşyk, ykdysadyýetiň hususy sektoryny ösdürmek we beýlekiler bellendi.

Türkmenistanda geçirilýän demokratik özgerişleriň çäginde hukuk ugrundan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy diýlip, TDH gullugynyň teswirlemesinde bellenýär.
XS
SM
MD
LG