Sepleriň elýeterliligi

Azygyň bahasynyň ýokarlanmagy alada döredýär


Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, geçen alty aýyň dowamynda Gyrgyzystanda bugdaýyň bahasy 54%, Bangladeşde 45% we Mongoliýada bolsa 33% ýokarlanypdyr.

Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, geçen alty aýyň dowamynda Gyrgyzystanda bugdaýyň bahasy 54%, Bangladeşde 45% we Mongoliýada bolsa 33% ýokarlanypdyr.

Göräýmäge, Hytaýda gurakçylyk bilen baglanyşykly dowam edýän başagaýlyk, Müsürde bolan rewolýusiýa we Pakistandaky kampaniýanyň aralygynda o diýen ilteşik ýok ýaly. Emma ýagdaýy çuňňur synlasaň, olary biri-birine ilteşdirýän meňzeşlik bar – ol hem azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy.

Azyk önümleriniň bahasy soňky döwürlerde has ýokarlanyp, 2008-nji ýyldaky başagaýlyk derejesine baryp ýetdi. Düýbi Germaniýanyň Bonn şäherinde ýerleşýän “Ösüş boýunça barlaglar merkeziniň” ýolbaşçysy Joaçim Won Brawnuň aýtmagyna görä, eger ýagdaý şu gidişine gitse, azyk harytlarynyň bahasynyň has-da ýokarlanmagy mümkin. Germaniýaly ekspert: “Geljek ençeme ýyllar barada aýdylanda, 2030-nji ýyllara çenli azygyň bahasynyň 50% gowrak ýokarlanmagy ahmal. 2050-nji ýyllara çenli bolsa olaryň bahasynyň iki esse galjagyna garaşyp bolar” diýýär.

Häzirki görkezijiler hasaba alnanda, bu ýagdaýyň ençeme ýurtda syýasy durnuklylygy emele getirmeginiň mümkindigini aýtsa bolar. Synçylaryň aýtmagyna görä, ilatyň jemi girdejisiniň 40% töweregini azyk-iýmite sarp edýän Müsür ýaly ýurtlarda halkyň aýaga galmagyna sebäp bolan zatlardan biri azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagydyr.

Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, geçen ýylyň iýun aýyndan bäri azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy 44 million töweregi adamy garyplyk derejesine düşüripdir. Agzalýan bankyň prezidenti Robert Zoelliçik ýakynda eden çykyşlarynyň birinde häzirki döwürde azyk harytlarynyň bahasynyň howply derejä baryp ýetenligini we onuň tutuş dünýäde ilatyň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna sebäp bolýanlygyny aýtdy.

Ýurtlaryň biri-birine utgaşan häzirki döwründe bir ýerde ýüze çykan problema gaty aňsatlyk bilen beýleki bir ýere öz täsirini ýetirýär. Orsýetde emele gelen ýangyn geçen ýyl bu ýurduň galla önümine uly zyýan ýetiren bolsa, Ukrainanyň galla hasylynyň hem amatsyz howa şertleri zerarly öňki ýyllar bilen deňeşdirilende 15% pese gaçanlygy habar berildi. Bu ýagdaýa agzalýan iki ýurt hem galla eksportyny togtatmak arkaly çäre gördi. Bu-da öz nobatynda tutuş dünýä boýunça galla önüminiň möçberiniň azalmagyna sebäp boldy. 2010-njy ýylyň iýun aýy bilen 2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň aralygynda gallanyň nyrhynyň iki esse ýokarlanmagyna sebäp bolan zatlardan – biri-de belli bir derejede – agzalýan ýurtlar tarapyndan kabul edilen şol kararlardyr.

Bütindünýä Bankynyň maglumatyna görä, geçen alty aýyň dowamynda Gyrgyzystanda bugdaýyň bahasy 54%, Bangladeşde 45% we Mongoliýada bolsa 33% ýokarlanypdyr.

Adatça, girdejisiniň uly bölegini galla önümleri bilen üpjün bolmak üçin sarp edýän topar ýene girdejisi iň pes bolan adamlardyr.

Hökümetler öz nobatynda ýardama mätäç bolan ilata kömek etmäge synanyşýarlar. Emma bu syýasaty yzygiderli dowam etdirmek aňsat däl. Meselem, Pakistanda hökümet “Jemgyýetçilik dükanlary” ady bilen ilaty arzanladylan bahadan azyk önümleri bilen üpjün etmäge synanyşýar. Emma şeýle dükanlara önüm baran badyna ol satylyp gutarýar.

Azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy azerileri Gürjüstana barmaga mejbur edýär. Olar şol ýerden kartoşkadyr et ýaly iýmitleri getirýärler. Halkara walýuta fondunyň wekili Nadeen Ilahi ýakynda Azerbaýjanda bolup, ol şol ýerde eden çykyşynda azerileriň azyk önümleriniň bahasynyň ýene 10% ýokarlanmagyna garaşybermelidigini belledi.

Azyk önümleri boýunça dowam edýän häzirki krizis käbir garaşylmadyk ýagdaýylary hem ýüze çykarýar. Meselem, Indoneziýanyň prezidenti ilaty öz melleklerinde burç ekmäge çagyrdy.

Yragyň hökümeti söweş uçarlary satyn almak planyny goýbolsun edip, şol serişdäni ýurduň galla ätiýaçlygyny artdyrmak üçin sarp etjekdigini yglan etdi. Geçen ýyl sil heläkçiliginden ejir çeken Pakistanda bolsa halka tohum bilen bilelikde bugdaý ekmäge çagyryş edilýän ýazgylar paýlanylýar.
XS
SM
MD
LG