Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogaryň täsiri Merkezi Aziýa ýetermi?


Ýakyn Gündogardaky wakalaryň täzeden gelip, Gyrgyzystana täsir etmeginiň öňüni almak üçin gyrgyz hökümeti howpsuzlyk çärelerini görýär.
Ýakyn Gündogardaky wakalaryň täzeden gelip, Gyrgyzystana täsir etmeginiň öňüni almak üçin gyrgyz hökümeti howpsuzlyk çärelerini görýär.

22-nji fewralda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Keňeşbek Düýşebaýew Ýakyn Gündogardaky wakalaryň ýurduň howpsuzlygyna täsir etmeginiň mümkindigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Keňeşbek Düýşebaýewiň sözlerine görä, radikal ekstremistik hereketleriň beýle wakalary öz maksatlary üçin peýdalanmaklary mümkin. Şonuň üçin Gyrgyzystanyň güýç ulanyjy strukturalary öz aralarynda däl, eýse halkara derejesindäki çäreleri görýärler.

Komitetiň başlygy serhetdäki gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy: “Arap ýurtlaryndaky wakalar biziň regionymyzyň ýagdaýyna täsir etmegi mümkin. Sebäbi radikal ekstremistik güýçler bolýan wakalardan peýdalanyp, biz başlasak, bize goşulýanlar we kömek berýänler kan bolar diýen umyt bilen hereket etmekleri mümkin. Emma terrorizm ekstremizm bilen göreşmek boýunça özümiziň güýçlerimiz, döwletiň ýörite gulluklary, güýç ulanyjy organlar halkara guramalar bilen bile işleýärler”.

Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Artur Medetbekow gyrgyz hökümetini serhede gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy: “‘Özbegistan yslam hereketi’ Fergana jülgesinde döredildi. Olar 1999-2001-nji ýyllarda jülgede dini Halifaty ornaşdyrmaga çalyşdylar. Şonuň üçin hem Gyrgyzystana howp bar. Eger-de goňşy ýurtlar öz serhetlerini doly gorap, şeýle toparlara garşylyk görkezip dursalar, onda Gyrgyzystan üçin howp bolmaz”.

Özbegistanly garaşsyz žurnalist Nosir Zokir arap döwletlerindäki wakalaryň Merkezi Aziýanyň halkyna däl-de, diňe onuň liderlerine täsir etjekdigini öňe sürýär: “Häzirki wagtda agzalýan wakalaryň ýüz berýän döwletleriniň liderleri 20-30 ýyldan bäri döwleti dolandyryp gelýän şahslar. Olaryň halkynyň sabyr käsesi dolup, ýurtda alnyp barylýan syýasata garşy çykýar”.

“Özbegistan barada aýtsak, radikal yslamçy toparlaryň agzalarynyň köpçüligi türmede. Köpüsi ýurtdan daşarda. Dini motiw bilen türmä basylanlaryň maşgala agzalary berk gözegçilikde saklanýar” diýip, özbegistanly garaşsyz žurnalist Nosir Zokir aýdýar.

“Oppozisiýa yok, lider yok”


Soňra ol öz sözüni şeýle dowam etdi: “Arap döwletlerinde bolýan wakalaryň Merkezi Aziýada gaýtalanmagy üçin azajyk bolsa-da, azat metbugat we birazajyk demokratiýanyň uçguny bolmaly. Onsoňam Ýakyn Gündogarda bolýan wakalar barada Merkezi Aziýanyň halklary maglumat alyp bilmeýärler. Sebäbi ýerli metbugat bu hakda habar bermeýär. Ýurduň içinde güýçli oppozisiýa ýok, lider ýok”.

Zokiriň pikirine görä, Türkmenistanda ýagdaý goňşularynyňkydan hem agyrrak: “Sebäbi ýurt başyna täze prezident gelse-de, syýasy ýagdaýlar üýtgemedi. Türkmenistanyň prezidenti hem ömürlik prezident bolar. Türkmenlerde hem öz hak-hukugyny gorap, orta çykaýjak liderler we syýasy güýçler ýok”.

Emma ol Gazagystanda şeýle wakalaryň bolmagynyň mümkindigini ol çaklaýar. Ol munuň sebäbini Gazagystanda ekstremistik güýçler bolmasa-da, oppozision güýçleriň bardygy bilen düşündirýär.

Emma Astananyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň mugallymy Saparbaý Jubaýew Gazagystanda açyk oppozisiýanyň bardygy, hemmeleriň öz pikirlerini erkin metbugatda çap edip, telewideniýeden efire berip bilýändigi üçin hem halkda köçä çykmaga mätäçligiň ýokdugyny aýdýar.

Gyrgyzystanda aprel wakalaryndan soň, hökümet çalyşdy. Analitikler gyrgyz wakalarynyň arap ülkelerine täsiriniň bolandygyny aýdýarlar. Indi Ýakyn Gündogardaky wakalaryň täzeden gelip, Gyrgyzystana täsir etmeginiň öňüni almak üçin gyrgyz hökümeti howpsuzlyk çärelerini görýär.
XS
SM
MD
LG