Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada bir aňtawçy serkerde öldi


Owganystanyň Kandagar welaýatynda janyndan geçen ulagly hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde bir aňtawçy serkerdäniň ölendigini we 20 töweregi adamyň ýaralanandygyny ýurduň resmileri habar berýär.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Zamarai Başarynyň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm Spin Boldak şäheriniň bazarynda amala aşyrylypdyr.

Owganystanda soňky üç hepdäniň dowamynda janyndan geçenleriň hüjümleri 100-e golaý adamyň ömür tanapyny kesdi.
XS
SM
MD
LG