Sepleriň elýeterliligi

Julian Assanj Şwesiýa eksradisiýa edilip bilner


Britaniýanyň sudy “WikiLeaks” Internet saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanjyň Şwesiýa ektradisiýa edilip bilenjekdigi barada karar çykardy.

Awstraliýanyň raýaty Julian Assanj geçen ýyl Şwesiýa gelende iki zenan bilen jynsy gatnaşykda bolupdyr. Şol zenanlar ony zorlukda aýyplaýarlar.

39 ýaşly Julian Assanj öz garşysyna bildirilýän bu aýyplamanyň toslanyp tapylandygyny öňe sürýär.

Aklawçylar Assanjyň Şwesiýada Birleşen Ştatlara berilmek howpunyň bardygyny öňe sürýärler.

Waşington “WikiLeaks” saýtynyň işinden nägile. Çünki ol ABŞ-nyň müňlerçe gizlin diplomatiki we harby dokumentlerini çap etdi.
XS
SM
MD
LG