Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti harbylara protestçileri goramagy buýurdy


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Salehi ýurduň howpsuzlyk güýçlerine hökümete garşy çykýan protestçileri goramagy buýurdy. Bu baradaky beýanat penşenbe güni ýurduň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde okaldy.

Bu beýanatda howpsuzlyk güýçlerine “ähli çaknyşyklara böwet bolmaga, şeýle-de häkimiýetiň tarapdarlary bilen garşydyşlarynyň arasynda döräp biljek çaknyşyklaryň öňüni almaga” görkezme berilýär.

Ýemende 16-njy fewralda başlanan protestlerde azyndan 16 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG