Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň gündogary Kaddafiniň kontrollygynda däl


Liwiýanyň gündogar bölegi indi iş ýüzünde Tripoliniň kontrollygynda däl, Tobruk şäheri, 24-nji fewral.

Liwiýanyň gündogar bölegi indi iş ýüzünde Tripoliniň kontrollygynda däl, Tobruk şäheri, 24-nji fewral.

Liwiýadan gowuşýan habarlarda Muammar Kaddafä wepaly bir goşun bölüminiň Tripoliniň günbatarynda bir metjide raketalardan we awtomatik ýaraglardan ot açandygy aýdylýar. Muňa sebäp bolan zat, hökümete garşy çykýan demonstrantlaryň ol ýeri boşatmakdan boýun gaçyranlygy.

“Associated Press” Tripoliniň 50 kilometr günbatarynda ýerleşýän Zawiýa şäherinde bir şaýada salgylanyp, bu hüjümde metjidiň bir minarasynyň darganlygyny habar berdi. Şol şaýadyň aýtmagyna görä, metjidiň içinde hem daşynda goş basyp ýatan demonstrantlar hem uly heläkçilige uçrapdyr. Ýöne ölenleriň sany entek tassyklananok.

Protestçileriň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Kaddafiniň Abdullah Mergahi atly bir kömekçisi gelip, demonstrantlara: “Bu ýerden gitmeseňiz, bir gyrgynçylygy görersiňiz” diýipdir.

Soňky günlerde režimiň ýurda kontrollygy gowşap ugraly bäri Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçler gazaply hüjümlere geçdi. Liwiýanyň gündogar bölegi indi iş ýüzünde Tripoliniň kontrollygynda däl.

Tire-taýpa ýolbaşçylary bu ýerde dörän syýasy boşlugy doldurmak üçin adamlary maslahata çagyrdylar. Gündogar Liwiýanyň köp ýerlerinde Kaddafiden ýüz öwren esgerler goşunyň tanklary bilen aýlanyşyp ýör. Tanklaryň depesinde Liwiýanyň Kaddafi tarapyndan1969-njy ýylda agdarylan patyşasynyň gyzyl, gara we ýaşyl reňkli baýdaklary galgaşýar.

Gowuşýan habarlardan çen tutsaň, protestçiler häzir Tripoliniň günbataryndaky şäherleri ele geçirmäge synanyşýar. Tripoliniň özüne tarap hem anna güni Juma namazyndan soň ilerlemek göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtlar, şol sanda Türkiýe bilen Birleşen Ştatlar-da, öz raýatlaryny Liwiýadan çykarýarlar. 24-nji fewralda sag-aman öz ýurduna gowşan türkiýeli işçi Ahmet Ýüjel hökümet güýçleriniň daşary ýurtly işçileri goýbermän, girew hökmünde saklaýandygyny aýtdy.

“Esgerler bizi zamun hökmünde ulandylar. Bize iýere-içere hiç bir zat berilmedi. Olar hatda konsullyk tarapyndan bize berilýän nahary-da konfiskasiýa etdiler” diýip, Ýüjel aýtdy.

Halkara çagyryşlar

Birleşen Milletler Guramasynyň howpsuzlyk Geňeşi gyssagly ýygnak geçirip, demonstrantlara edilýän zulum-sütemi ýazgardy. Munuň derrew togtadylmagyny talap etdi. 15 ýurtdan ybarat Geňeş, şol sanda Hytaý bilen Orsýet-de, bu gandöküşlige jogapkärlere garşy çäre görülmegine çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy Kaddafiniň gyzy Aýşany hem hoşniýetli ilçi rolundan çykardy. Arap Ligasy demonstrantlara edilýän sütem togtaýança Liwiýany bloguň ýygnaklaryna gatnaşmakdan mahrum etdi.

Liwiýa hökümetiniň parahat ilatyň garşysyna güýç ulanmagyny 57 musulman ýurdy öz içine alýan “Yslam Konferensiýasy” guramasynyň Baş sekretary Ekmeleddin Yhsanoglu-da tankytlady.

Dünýäniň ilat taýdan iň uly musulman ýurdy Indoneziýa Birleşen Milletler Guramasyny herekete geçip, howpsuzlygy ornaşdyrmaga, nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga çagyrdy.

Emma Liwiýadaky ýagdaý bilen bagly nähili hereket etmelidigi barada dürli ýurtlaryň arasynda umumy bir pikir ýok. Ýurtlaryň köpüsi bu durnuksyz ýagdaýda galan müňlerçe çet ýurtla zyýan ýetmeginden gorkýar. Şol sebäpden halkara derejesinde bu ýakynda bir çäre görülmek ähtimallygy ýokary däl.

Ençeme ýurtlar, şol sanda Orsýet, Hytaý we Ukraina-da, öz raýatlaryny Liwiýadan çykarmak üçin ol ýere uçar iberdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri duşuşsalar-da, yglan edilen sanksiýa ýok. Ýöne Bileleşigiň baş diplomaty Katerin Aşton Kaddafiniň režimi bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky diňe bir ikitaraplaýyn gepleşikleri wagtlaýyn togtatmak däl, eýse beýleki çärelere hem taýýardygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG