Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda italýan ilçisi akkreditasiýa edildi


Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy bilen 24-nji fewralda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa Italiýa Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dzanardi Laniden ynanç hatyny kabul etdi.

Şol gün ilçi Türkmenistanyň DIM-de hem kabul edildi.

Onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem duşuşyklary planlaşdyryldy.

Medeni programmanyň çäklerinde italýan ilçisi paýtagtyň uly muzeýlerine baryp görer diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG