Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Malaýziýanyň baş diplomatyny kabul etdi


24-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti öz ýurdunyň wekilçilikli delegasiýasyna baştutan bolup Aşgabada gelen Malaýziýanyň daşary işler ministri Anifah Amany kabul etdi.

Duşuşygyň gidişinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň perspektiwalary we ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň edildi. Söwda-ykdysady sferasynda, inwestisiýada, nebit-gaz we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine seredildi.

Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy Hazaryň ýalpaklarynda nebit-gaz gözlemek we çykarmak boýunça iş alyp barýar diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG