Sepleriň elýeterliligi

Jorj Buşa köwşüni atan yrakly žurnalist watanyna geldi


2008-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Jorj Buşa köwşüni atan yrakly žurnalist türmeden azat bolandan soň ilkinji gezek watanyna geldi. Şol bada-da ony sorag etmek üçin sakladylar.

Muntazer ez-Zeýdi suduň karary bilen 9 aý türmede oturandan soň, 2009-njy ýylyň dekabrynda Yrak türmesinden çykaryldy, ol şol bada ýurdy terk edipdi.

Žurnalist Buşuň garşysyna masgaralaýjy hüjüminden soň arap dünýäsinde meşhur adam bolupdy.
XS
SM
MD
LG