Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yragyň günbatarynda bolan partlamada 8 adam öldi


Yragyň günbatarynda, Ramadi şäherinde bolan partlamada bärsinden 8 adam ölüp, 20 töweregi ýaralandy. Jebir çekenleriň arasynda birnäçe polisiýa işgäri-de bar.

Ýerli häkimiýetleriň beren habaryna görä, janyndan geçen adam partlaýjy guraly medeni merkezde herekete getiripdir.

Merkezde Muhammet pygamberiň doglan gününiň hatyrasyna dabara geçirilýärdi. Anbar welaýatynyň merkezi bolan Ramadide bu baýram tutuş aýyň dowamynda bellenýär.
XS
SM
MD
LG