Sepleriň elýeterliligi

Teksasda Saud Arabystanynyň raýaty tussag edildi


ABŞ-nyň Teksas ştatynda Saud Arabystanynyň raýaty tussag edildi, ol ABŞ-da partlamalar tapgyryny gurnamaga taýýarlykda güman edilýär.

Onuň beýleki ençeme obýektler bilen bir hatarda ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buşuň öýüni-de partlatmagy planlaşdyrandygy tassyklanýar.

ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň wekili hepdäniň çarşenbe güni saud arabystanly 12 adamyň tussag edilendigini, olara şu gün sud ediljekdigini habar berdi.

Eger bildirilýän günä subut edilse, olara ömürlik türme tussaglygy abanýar.
XS
SM
MD
LG