Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa Kaddafä degişli bank hasaplaryny doňdurýar


Şweýsariýa Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä degişli bolmagy mümkin bank hasaplaryny doňdurýar. Bu barada penşenbe güni Şweýsariýanyň DIM-i habar berdi.

Kaddafi döwlet telewideniýesine beren interwýusynda ýurtdaky bidüzgünçilikleriň jogapkärçiligini Usame bin Ladeniň üstüne atdy.

“Halkyň göreşi bes edip, özlerini çaknyşyklara itekleýänlerden çagalaryny goramagyna bil baglaýaryn. Biziň watanymyz - müňlerçe şehitleriň topragydyr. Biziň halkymyz italýanlar bilen göreşipdi. Biziň watanymyz – tireleriň atasydyr.
Haýyş edýärin, meniň lapymy keç etmäň” diýip, Kaddafi aýtdy.

Ondan öň “Al-Kaýda” topary ähli musulmanlary Muammar Kaddafiniň garşysyna geçirilýän köpçülikleýin çykyşlary goldamaga çagyrypdy.

Liwiýada gozgalaňçylar ýurtda ikinji we üçünji şäherler bolan Bengazä we Misrata kontrollyk edýärler.
XS
SM
MD
LG