Sepleriň elýeterliligi

Alžirde resmi taýdan adatdan daşary ýagdaý ýatyrylydy


Hepdäniň penşenbe güni Alžirde resmi taýdan adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy. Bu işiň amala aşmagyna oppozisiýa köpden bäri aýak direýärdi.

Arap ýurtlaryndaky tolgunyşyklaryň fonunda Alžiriň oppozisiýasy paýtagtyň köçelerine çykdy, şol çykyşlar polisiýa tarapyndan basylyp ýatyryldy.

1992-nji ýylyň fewralynda Alžirde girizilen adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagy paýtagtda demonstrasiýa geçirmäge girizilen gadaganlyga degişli däl.

Oppozisiýa täze karara Günbataryň ünsüni çekmäge niýetlenen taktik hereket hökmünde baha berýär.
XS
SM
MD
LG