Sepleriň elýeterliligi

Obama Liwiýadaky ýagdaýy Ýewropa liderleri bilen maslahatlaşdy


Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Liwiýadaky ýagdaý bilen bagly Italiýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň liderleri bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.

Liwiýa hökümetine täsir edip biljek çäreler, şeýle-de ýurtda ejir çekenlere gumanitar kömek ýetirmegiň plany maslahat edildi.

Penşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Liwiýadaky ýagdaý resmi däl şertde ara alnyp maslahat edildi. Ýakyn iki günüň dowamynda onuň gyssagly maslahatynyň çagyrylmagy mümkin.

Ýewropa Bileleşigi simwolik häsiýetde Muammar Kaddafiniň hereketlerini ýazgardy.

ÝB-niň liderleriniň bir toparynyň Kaddafi bilen düşen suratlary diwardan aýryldy.
XS
SM
MD
LG