Sepleriň elýeterliligi

Eliňe galam aldyňmy – ýaz.
Eliňe pil aldyňmy – gaz.
Ýazan zadyn küpür bolmasyn,
Gazan zadyn çukur bolmasyn.
Ýazma jäjek dakylsyn diýp,
Gazma biri ýykylsyn diýp.

Güli keýpine ýolma,
Özüňden razy bolma.
Ilki günä edip, soň etme puşman,
Özüňi hasapla ilkinji duşman.
Özüňe sög, sögme büdrän daşyňa,
Sanama, şükür et ýaşan ýaşyňa.
Ýere bakyp ýöre, daşda ýazyk ýok,
Bimany sowrulan ýaşda ýazyk ýok.

Howlyňda it saklama,
Ýal ýagysyn ekleme.
Gyzyňa ýüpek geýdir,
Ogluňa çepek geýdir.
Päliňi belent tutma,
Hem bir zady unutma:
Oglanyň on ýylda getirjek derdin
Gyz ýeke gijede getirip biler.
Biabraýlyk eşek bolup depende,
Dost diýeniň, duşmanyňdan öň güler.

Goý, egniňde jul bolsun,
Bar ýetmeziň pul bolsun,
O zatlar bir möhüm däl,
Manlaýyňda möhür däl.
Bir gün gara bulut syrylyp gider,
Ömür gülle deýin sygyryp gider.
Goý, duýdansyz ajal demiň sogursyn,
Giden pilläň ýeriň garalyp dursun.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG