Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-ÝB: energiýa gün tertibinde


Türkmenistan Ýewropa zerur bolan möçberde tebigi gaz akdyrmak üçin ylalaşyklara islendik wagt gol goýmaga taýýardygyny aýdýar.

Türkmenistan Ýewropa zerur bolan möçberde tebigi gaz akdyrmak üçin ylalaşyklara islendik wagt gol goýmaga taýýardygyny aýdýar.

Resmi türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, 23-nji fewralda Asgabatda bilelikdäki “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň nobatdaky 11-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky programmalaryň amala aşyrylyşyna we olaryň perspektiwalaryna garalandygy aýdyldy. Onda esasan iki tarapyň ýangyç-energetika pudagy boýunça gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Bu forumyň işine Ýewropa komissiýasynyň Asgabada gelen toparynyň agzalarynyň, Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik missiýalarynyň, wekilhanalarynyň agzalarynyň, “Ýewropa Öýüniň” ýolbasçylarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň gatnaşandygy habar berildi.

Türkmenistan tebigy gazy eksport etmek boýunça Ýewropanyň bazarlaryna geljegi örän uly bolan ugur hökmünde garaýar. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bilen Aşgabatdaky duşuşygynda hem aýtdy. Onuň bellemegine görä, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar we Türkmenistan Ýewropa zerur bolan möçberde tebigi gaz akdyrmak üçin ylalaşyklara islendik wagt gol goýmaga taýýar.

Ýewropa Bileleşiginiň “Günorta koridor” marşrutyna degişli proýektleriň biri-de “Nabukko”. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow Aşgabatdaky forumda çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubometr tebigy gaz eksport etmek üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny mälim edipdi.

“Ýöne isleg başga, reallyk başga. Reallyk şeýle. Jenap Barrosonyň Azerbaýjana saparynda jarnama gol goýulsa-da, Türkmenistanda hiç bir dokumente gol çekilmedi. Bu bolsa türkmen gazyny Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmagyň entek problema bolup galýandygyny aňladýar” diýip, Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şaban Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýakyn ýyllara çenli türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Moskwa Aşgabadyň diwersifikasiýa syýasatynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen jebis energiýa hyzmatdaşlygynyň ýaramaýandygyny Orsýetiň resmileri açyk aýdýarlar. Mysal üçin, Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary Igor Seçin “’Nabukko’ boş plan. Çünki ony doldurmak üçin zerur bolan tebigy gaz ýok” diýipdi.

“Nikaplar syryldy”

Hut şeýle pikirler Orsýetiň metbugatynda hem yzygiderli berilýär. Ýakynda Orsýetiň resmi “Regnum” habar gullugynyň çap eden makalasynda Wiktor Ýakubýanyň ýazmagyna görä, “Wladimir Putin prezident bolan döwründe Orsýetden sowa Ýewropa gaz akdyrmak baradaky proýektler boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň pozisiýalary örän seresaplylyk bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda beýan edilen bolsa, häzir ähli nikaplar syryldy”.

Ýakubýanyň pikiriçe, Türkmenistanyň bu ugurdaky işleri Orsýetiň bähbitlerine
Aşgabat pul gazanyp boljak ýollary gözleýär. Bu ýerde başga zat ýok. Kreml muny özüne urulýan zarba hasaplaýar. Eger zarba islemeseler, onda pul bersinler.
garşy gelýär. Onuň bilen Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy, “Money channel” telewizion kanalynyň ykdysadyýet boýunça eksperti Dan Susio hem ylalaşýar.

“Umuman, şeýle pikirler dogry. Häzirki günlerde Türkmenistanyň energiýa syýasaty azda-kände Orsýetiň syýasaty bilen baglanyşykly. Bu 2010-njy we 2011-nji ýyllara degişli. Emma ol 2015-nji ýyly öz içine almaýar. Şol döwürde hem ýewropalylaryň ýöredýän syýasatynyň häzirkisi ýaly bolmagy mümkin” diýip, Dan Susio Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Käbir ekspertleriň pikiriçe, Türkmenistan diňe tebigy gazyny satmak we pul gazanmak üçin alternatiw ýollary gözleýär. Bakuwdaky “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanyň sözlerine görä, Orsýet meseläni örän aladaly goýýar.

“Eýse, türkmen lideri ýa-da Türkmenistan näme etmeli? Eger siz almasaňyz, onda türkmen gazyny kimdir birine satmaly ahyry. Ony satmagyň iň gowy bazarlarynyň biri-de Ýewropa. Muny käbirleri Orsýetiň bähbitlerine zarba, başgalar bolsa, Türkmenistanyň Orsýetiň täsirinden çykmaga synanyşygy diýip atlandyrýar. Emma Türkmenistan pul gazanmak isleýär we onuň ýollaryny gözleýär” diýip, Bakuwda ýerleşýän “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şaban aýdýar.

Ilhan Şabanyň pikiriçe, Türkmenistan ýangyç eksportunyň diwersifikasiýasy üçin hatda örän töwekgel proýektlere hem goşulýar: “Mysal üçin, Transowgan gazgeçirijisi baradaky proýekte. Garaz, Aşgabat pul gazanyp boljak ýollary gözleýär. Bu ýerde başga zat ýok. Kreml muny özüne urulýan zarba hasaplaýar. Eger zarba islemeseler, onda pul bersinler”.

Häzir ýyllyk 75 milliard kubometr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliard kubometre çykarmagy we onuň 180 milliard kubometrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG