Sepleriň elýeterliligi

Erbet milisiýa gowy polisiýa bolup bilermi?


Orsýetiň polisiýa güýçleriniň resmi ady, sowet döwründäki “milisiýanyň” ýerine “polisiýa” diýlip, atlandyrylyp başlanar.

Orsýetiň polisiýa güýçleriniň resmi ady, sowet döwründäki “milisiýanyň” ýerine “polisiýa” diýlip, atlandyrylyp başlanar.

Şu ýylyň 1-nji martyndan başlap, Orsýetiň öň ýakasyny tanadan milisiýa güýçleriniň resmi ady üýtgedilýär. Eýse, diňe ady üýtgedileni bilen, bu guramanyň iş usullary-da üýtgärmikä?

Orsýetiň resmileriniň polisiýadaky parahorlugy we gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanylmagyny aradan aýyrmak ugrunda geçirýän reformalarynyň çäginde Orsýetiň polisiýa güýçleriniň resmi ady, sowet döwründäki “milisiýanyň” ýerine “polisiýa” diýlip, atlandyrylyp başlanar.

Emma orsýetliler bu özgerişlige birneme şübheli garaýarlar. Syýasy analizçi Nikolaý Petrow şeýle gürrüň berýär: "Hiç zada täsirini ýetirmejek kiçi özgeriş diýäýmeseň, oňa reforma diýmegem kyn. “Milisiýanyň” “polisiýa” sözi bilen çalşyrylmagyndan başga men bärde özgerýän hiç zady göremok. Bu reforma ideýalaryň masgaralanmagy, diňe bir polisiýa däl, eýse beýleki reformalara-da ýaramaz täsirini ýetirýär”.

Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany Moskwa milisiýasyna ýolbaşçylyk eden Arkadiý Muraşew hem täze kanunyň güýje girmegi bilen, hakyky özgerişleriň boljakdygyna şübhelenýändigini aýtdy: "1-nji martda ady üýtgediler. Ýöne, edil milisiýanyň erbet işleýşi ýaly, polisiýa-da erbet işlär”.

Atlary üýtgetmek reformasy 2009-njy ýylda prezident Dmitriý Medwedewiň inisiatiwasy bilen başlandy. Bu polisiýa işgärleriniň gözçykgynç jenaýatçylyklaryna jogap hökmünde edilipdi.

Bu jenaýatçylyklaryň içinde gijäniň ýarynda, Moskwanyň söwda merkezinde gazaply ot açma-da bar. Şol wakada üç adam ölüpdi, alty adam bolsa ýaralanypdy. Bu gyrgynçylygy eden milisiýanyň maýory Denis Ýewsukowyň aýtmagyna görä, ol aýaly we gaýyn atasy bilen bolan sene-meneden soňra, adamlary atmaga ýola rowana bolupdyr.

Başga bir ýagdaýda bolsa, gar arassalaýjy maşynyň sürüjisi milisiýanyň podpolkowniginiň maşynyny çyzanda, podpolkownik sürüjini atyp öldüripdi.

Polisiýa diýlensoň, ofiserleriň sany azaldylar

Häzirki reformanyň çäginde soňky 10 aýda polisiýa ofiserleriniň sany 20 prosent azaldylar. Şeýle-de olaryň aýlyk haklary hem artdyrylar. Mundan soň ofiserleri seçip-saýlamak has-da güýçlener. Şeýle-de jenaýat işi, arakhorluk we neşekeşlik bilen ilteşigi bolanlar işe alynmaz.

Orsýetde mundan soň ofiserleri seçip-saýlamak has-da güýçlener.
Häzirki geçiriljek reformanyň çäginde polisiýanyň abraýyny artdyrmak maksady bilen Içeri işler ministrligi özüniň Web saýtyny döretdi.

Orsýetlileriň köpüsi täze polisiýa kanunynyň girizilmegine we Web saýtynyň işläp başlanmagyna dogry çözgüt hökmünde garaýar. Emma Petrow we Muraşew ýaly ençemeleriň bu reformalar polisiýa işgärleriniň, düzgüni bozsalar, temmisiz galmaklarynyň soňuna çykyljagyna, olaryň jogapkärçiligini artdyrjagyna ynamlary az.

Geçen ýyl “Lewada” atly garaşsyz pikir soraýyş guramasy bu täze kanun boýunça pikir soralyşygy geçirdi. Bu pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 52 prosenti täze kanunyň girizilmegi bilen položitel özgermeleriň boljakdygyna ynamlarynyň ýokdugyny aýtdylar. Sorag geçirilenleriň diňe 19 prosenti bu reformalaryň oňaýly netije berjekdigine ynanýandyklaryny bellediler. Pikiri soralanlaryň galan 29 prosenti munuň bilen bagly belli bir pikirleriniň ýokdugyny aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG