Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gallasy birža arkaly satylar


Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnaldy.
Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnaldy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagyny guramagy wise-premýer Akmämmedowa tabşyrdy.

Prezidentiň mejlisde aýdan sözlerine görä, geçen ýyl ýurduň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň özi üçin zerur bolan galla hasyly ýygnalypdyr. Şu ýylyň hasylyny hasaba alanyňda döwlet üçin zerur bolan möçberden artykmaç ätiýaçlyk galla hasylynyň ýygnanjagyna umyt baglaýan Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagy guramagy oba hojalyk pydagyna garaýan wise-premýer Akmämmedowa tabşyrdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnaldy. Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu görkezijini ýurduň taryhynda ilkinji gezek gazanylan ýokary netijedigini habar berdi.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe galla hasylynyň ýygnalyşy barada gereginden artyk çişirilen hasabatlar ýaýradylardy. 2006-njy ýylda Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdarynyň 3 million 500 müň tonna bolandygy barada resmi maglumat ýaýradylypdy.

Ýurtda üç ýarym million tonna bugdaý ýygnaldy diýlip resmi maglumatlar ýaýradylan-da bolsa, eýýäm 2006-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistanda un ýetmezçiligi mese-mälim bildiripdi.

Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanandan soň, galla barada ýalan hasabaty bermegiň nädogrudygyny aýtdy we köpçülige hakyky maglumatyň berilmegini talap etdi. Netijede 2007-nji ýylda Türkmenistanda bary-ýogy bir milliondan gowrak gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berildi.

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň garaşsyz ekspertleriniň 2005-nji ýylda beren bahasyna görä, Türkmenistanyň galla bolan ýyllyk zerurlygy 2 million 500 müň tonnadyr. Emma Türkmenistanyň resmileri ýurt üçin 1 million 500 müň tonna gallanyň ýeterlikdigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan her ýylda Gazagystandan hem-de Orsýetden azyklyk gallany import edýär. Ýurduň dükanlarynda hem-de bazarlarda Gazagystandan hem-de Orsýetden getirilen haltaly unlar erkin bahadan ilata satylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG