Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen resmileri Hytaýa we Singapura sapar ederler


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ýörite delegasiýa agzalaryna 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Hytaýa, 1-nji martdan 5-nji mart aralygynda bolsa Singapura sapar etmeklige tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi Singapura ediljek saparyň çäklerinde türkmen delegasiýasynyň Singapur Respublikasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2011» ady bilen geçiriljek halkara konferensiýasyna hem gatnaşjakdygyny habar berýär.

Şol konferensiýanyň çäklerinde-de Türkmenistanyň resmileri Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli resmileri bilen özara gepleşik geçirerler.

Türkmenistanyň habar serişdeleri Singapurda gurnaljak bu halkara konferensiýanyň maksadynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa pudagyndaky hem-de balyk hojalygyndaky inwestisiýa mümkinçiliklerini propogandirlemekden ybaratdygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG