Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: hökümete garşy güýçler Zawiýany eýelediler


Ýekşenbe güni Liwiýadaky ýaragly toparlaryň ýurduň paýtagty Tripoliden 50 kilometr töweregi günbatarda ýerleşýän Zawiýa şäherini eýeländikleri barada maglumat alyndy.

Habar agentlikleriniň maglumatlarynda hökümete garşy güýçleriň bu Zawiýa şäherinde «Kaddafi, güm bol!», «Bu biziň rewolýusiýamyz!» diýen ýaly şygarlary gygyryşyp, çykyş edendikleri habar berilýär.

Paýtagt Tripoli henizem hökümete tarapdar güýçleriň kontrollygynda bolmagynda galýar. Ýöne analiktler paýtagtdan daşarlarda Muammar Kaddafiniň hökümetiniň täsirleriniň indi kän bir göze ilmeýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG