Sepleriň elýeterliligi

BMG Kaddafiniň režimine garşy sanksiýa girizdi


Şenbe güni agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režimine garşy sanksiýalary girizmek barada biragyzdan rezolýusiýa kabul etdi.

Bu kabul edilen rezolýusiýa Muammar Kaddafiniň ýakyn toparlaryna we onuň maşgala agzalaryna ýurduň daşyna syýahat etmekligi gadagan edýär.

Mundan daşary, kabul edilen bu rezolýusiýa Muammar Kaddafiniň ýakyn toparlarynyň we onuň maşgala agzalarynyň daşary ýurtlardaky bank hasaplaryny doňdurmaklygy-da öz içine alýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden bu rezolýusiýasy Liwiýada protestçilere garşy güýç ulanylmagy we parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegi bilen bagly wakalar boýunça Halkara Suduny jenaýat-derňew işlerini ýola goýmaklyga-da çagyrýar.

Kabul edilen rezolýusiýada Liwiýa bilen ýarag söwdasynyň edilmegi-de gadagan edilýär.

Şenbe güni Liwiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň orunbasary Ibrahim Dabbaşi bu kabul edilen rezolýusiýanyň Liwiýada hökümete garşy çykyş edýän öz halkyna moral goldaw boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG