Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa günortadaky goňşusyna haýbat atýar


Ýekşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň hökümeti 28-nji fewralda Günorta Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň geçirjek nobatdaky harby türgenleşiginde prowokasion hereketleriň bolan halatynda, özüniň bu iki ýurduň ikisine-de hüjüm etjekdigi bilen duýduryş berdi.

Geçen ýyl Günorta Koreýanyň öz harby gämisiniň suwa gark bolmagynda Demirgazyk Koreýany aýyplap çykyş etmeginden soň, bu iki ýurduň arasyndaky ýagdaýlar has-da dartgynlaşypdy.

Demirgazyk Koreýa öz gezeginde şol gäminiň gark bolmagyny Birleşen Ştatlar tarapyndan gurnalan prowokasiýa diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG