Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada 8 adam heläk boldy


Şu gün Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Kandagar welaýatynda it uruşdurmak üçin üýşen mähelläniň golaýynda amala aşyrylan iki sany partlamada azyndan 8 adamyň ölendigini habar berdiler.

Welaýat administrasiýasynyň metbugat sekretary Zalmaý Eýýubi bu partlamalaryň Kandagar şäheriniň etegindäki Argandab etrabynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Owganystanyň Kandagar welaýaty talyp toparlarynyň iň bir aktiw hereket edýän welaýatlardan biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG