Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Germaniýada jynsparazlygyň ösýändigini duýdurýar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan ýekşenbe güni Germaniýada jynsparazlygyň we yslamdan heder etmegiň ösýändigini duýdurdy.

Erdogan günbatardaky Dýusseldorf şäherinde 10 müň çemesi türk emigrantyna ýüzlenip, Türkiýäniň Germaniýada jynsparazlygyň ösmeginden alada edýändigini aýtdy.

Germaniýanyň DAPD habar gullugy Erdoganyň germanlardan we türk emigrantlaryndan bir-birege sylanyşykly bolmagy haýyş edendigini ýazdy.

Germaniýada 2,7 million çemesi türk ýaşaýar. Olar ilki bu ýurda 1960-njy ýyllarda, Ikinji jahan urşy netijesinde weýran bolan ýurdy dikeltmäge kömek üçin gelipdiler.
XS
SM
MD
LG