Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Eýranyň basyp ýatyrmalaryny ýazgarýar


Birleşen Ştatlar Eýranyň, Waşingtonyň atlandyryşy boýunça, «gurnalan gorkuzyş kampaniýasyny» ýazgaryp çykyş etdi.

Ak Tam Eýran syýasy liderleri we aktiwsitleri, adam hukuklaryny goraýjylary hem student liderlerini, žurnalistleri we bloggerleri tussag etdi diýýär.

Şeýle-de Ak Tam Tährany hemra antennalaryna bökdençlik döretmek, Internet saýtlaryny baglamak bilen öz ilatyny informasiýadan kesmekde günäledi.

Ak Tamyň beýanaty Eýranyň iki oppozisiýa lideri, Mir Hosseýin Musawi bilen Mehdi Karrubi, aýallary bilen bile, öýlerinden başga bir ýere göçürildi diýen habardan soň ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG