Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisde täze zorlukdan soň täze premýer bellendi


Tunisiň premýer-ministri Mohammed Gannuşi işden çekildi we onuň ýerine Beji Keýd Essebsi bellendi.

Liberal hasaplanýan Keýd Essebsi Tunisi Fransiýadan garaşsyzlyga getiren Habib Bourguýba döwründe birnäçe ministrlik wezipesini eýeledi. Ol goranmak we daşary işler ministri, şol sanda parlamentiň spikeri hem boldy.

Tunisde geçiş hökümetine garşy anna gününden bäri bolan demonstrasiýalarda azyndan 3 adam ölüp, 200 adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG