Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muammar Kaddafä edilýän halkara basyşlary artýar


Britaniýa Muammar Kaddafiniň we onuň magşgalasynyň diplomatiki eldegrilmesizligini yzyna aldy.

Bu çäre BMG-niň liwiýa lideriniň işden çekilmegi üçin edilýän halkara basyşlarynyň arasynda Liwiýa garşy sanksiýalarynyň biragyzdan tassyklanmagyndan bir gün soň görüldi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Williýam Haag ýekşenbe güni telewideniýede eden çykyşynda Kaddafini işden çekilmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem Kaddafiniň işden çekilmegini sorady.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin BMG-niň sanksiýalarynyň Liwiýany graždan urşundan saklamak üçin zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG