Sepleriň elýeterliligi

Türkmen lideri ekologiýa maslahatyna gatnaşyjylary gutlaýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Transhazar geçirijileriniň ekologiki aspektleri» atly halkara konferensiýa gutlag iberdi. Bu konferensiýa Aşgabatda geçýär.

Prezidentiň gutlagynda Hazar deňziniň we Transhazar geçirijileriniň ekologiki howpsuzlygyna bagyşlanan maslahatyň işiniň üstünlikli geçmegi arzuw edilýär we Türkmenistanyň tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigi bellenýär.
XS
SM
MD
LG