Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Diktator režimler adamlary gynamakdan gaçanok”


Awstraliýanyň öňki premýer-ministri Jon Howard
Awstraliýanyň öňki premýer-ministri Jon Howard
Ýakyn Gündogarda barýan wakalar we Günbataryň awtoritar režimleriniň çalşyrylmagy barada nämeler edip bilýänligi hakda Awstraliýanyň öňki premýer-ministri Jon Howard bilen söhbetdeşlik.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýakyn Gündogarda bolýan wakalara nähili düşünýärsiňiz?

Jon Howard:
Men bu demokratik özgeriş ugrunda barýan akymdyr diýip, umyt edýärin. Meni ruhlandyrýan zat – demonstrasiýalardan gören sahnalarymda Amerika we Ysraýyla garşy itergileriň ýoklugy. Adatça, öňki awtoritar ýa totalitar ýurtlarda gurnalýan demonstrasiýalarda, sahnalarda oýlap tapylan bir element bolýardy. Bu ýerde welin, beýle bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz 2003-nji ýylyň martynda Birleşen Ştatlaryň Yraga girmegini goldap, ol ýere iki müň esger ibereniňizde, munuň premýer-ministr hökmünde gelen iň kyn kararyňyzdygyny aýtdyňyz. Şol mahal Waşingtonyň pikirlerine goşulýarmydyňyz? Eger şeýle bolsa, häzir Ýakyn Gündogarda bolýan wakalarda Yrakdaky demokratik gurluşyň täsirleri barmy?

Jon Howard: Bar bolmagy mümkin. Bu dolulygyna düşündirip bolmaýan zatlaryň biri. Hakykat – yraklylaryň bäş hili dürli ýagdaýda demokratik prosesiň hatyrasyna ses berenligi. Bäş ýagdaýda hem bu iş gorky astynda edildi. Meniň pikirimçe, munuň täsiri ýok diýmek kyn. Ýöne men arabaglanyşyk täsir ederlik derejede güýçli diýip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Beýleki günbatar ýolbaşçylary ýaly siz hem halkara sahnasynda awtoritar režimler bilen iş salyşmaly bolduňyz. Awtoritar ýolbaşçylaryň häkimiýete beýle berk ýapyşmagyna näme sebäp bolýar? Olaryň käbiri häkimiýet başynda galmak üçin öz halkyna ot açmaga çenli baryp ýetýärler.


Jon Howard: Diktatorlaryň, awtoritar adamlaryň pikir edişi gaty tapawutly bolýar. Olar çäklendirmelere öwrenişen däl. Onsoň olaryň özüni beýle alyp barmagy üçin köp zadam gerek däl. Käbiri beýlekilerden rehimliräk. Ýöne hemmesi zabun gizlin polisiýa appartyna bil baglaýar. Hakykatyň hatyrasyna aýtsak, diktator režimleriň hiç biri adamlary gynamakdan, aýylganç işlerden gaçanok. Adam hukuklarynyň ähli formasyny bozýar. Käbirleri bolsa, beýlekilerden has hem ýaramaz bolýar.

Azatlyk Radiosy: Olaryň awtoritar pikirlenişini uýtgeder ýaly, heý, bir usul ýokmy? Demokratik ýurtlar bu ugurdan kömek edip bilmeýärmi?

Jon Howard: Sen öz milli bähbitleriň boýunça hereket etmeli. Ýöne öz gymmatlyklaryňy we prinsipleriňi pida etmeli däl. Mysal üçin, Awstraliýa çig mala baý ýurt. Biz Hytaýyň ýakyn söwda ýarany. Bu ýurt biziň eksportymyzyň uly böleginiň gidýän ýeri. Hytaýda häzirem awtoritar režimi bar. Ol Týananmen meýdançasyndaky gozgalaňy rehimsizlik bilen basyp ýatyrdy. Studentleri hut tanklara basdyryp, mynjyratdy. Onsoň biz demokratiýany nädip ilerledip bileris? Biz öz demokratik prinsiplerimize wepaly bolup galmaly. Mysal üçin, hytaýlylar maňa: ‘Dalaý Lamany görme’ diýdiler. Ýöne men ol Awstraliýa gelende, görmek islesem-islemesem-de, şeýle diýleni üçin, Dalai Lamany gaýta ýörite gördüm.
XS
SM
MD
LG