Sepleriň elýeterliligi

Garagolluk eden çaga mysaly,
Dur Alabaý sallap günäkär ýüzün.
Içinden aglap dur ahmyrly köpek,
Gizläp eýesinden gyzaran gözün.

Ejizlige öwrüläýýä asgynlyk,
Jan jesede sygman, süýt deý çoganda.
«Gan öýjek bolsaňyz nirdediňiz düýn,
Gelegurt ordasy sürä çozanda?»

Günä baryn ýükläp kütelşen göze,
Öz etini özi iýäýjek bolýa.
Adama igenmek beýlede dursun,
Tersine – «bagyşla» diýäýjek bolýa.

Arman, garry çopan sowaşyp barýa,
Berýän ýalynda-da tagam-tagsyr ýok.
Akylly it bir zada göz ýetirdi:
Soňky aryn alaýmasa bolanok.

Köpek «alaryn ýa ölerin» diýip,
Siňip gitdi alaňlaryň içine.
Çopan pallap, gernip çykdy çatmadan,
Bir ýyly söz aýtjak boldy itine.

Bu nä geň hadysa, bu nä alamat?
Köpi gören çopan düşündi bada.
Çoluga tabşyryp agyr sürini,
Gitdi ol yz çalyp, düşläp negada.

Az ýöredi, köp ýöredi – belli däl,
Gije-gündiz yz-yzyna çalyşdy.
Çopan goşlarynda epip dyzyny,
Käte çaý owurtlap, käte çal içdi...

Ahyr bir gün bardy çopan üstünden,
Gördi bolup geçen basa-baslygy.
Hanha, ortarada ýatyr Alabaý,
Daşynda dört sany möjek maslygy.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG