Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barbat Merwezi kim bolupdyr?


Häzirki wagtda Barbady täjikler ýaly dabaralandyrýan hem hormatlaýan ýok.
Häzirki wagtda Barbady täjikler ýaly dabaralandyrýan hem hormatlaýan ýok.
Gündogarda ady rowaýata öwrülen sazanda hem aýdymçy Barbat Merwezi 589-njy ýylda dünýä inip, takmynan 650- ýylda aradan çykypdyr. Onuň ady Barbad, Barbut ýa-da Pahlabat diýlip, dürlüçe ýazylypdyr.

Taryhy çeşmeleriň köpüsinde oňa gadymy Maryda, has takygy Gäwür gala şäheristanynyň çäginde dünýä indi diýilýär. Şonuň üçin ol Barbat Merwezi diýen lakam alypdyr.

Bu ynsan barada Türkmenistanyň taryhyndan ýazylan 3 kitapdan ybarat, 2 tomluk fundamental işiň 1-nji kitabynyň 185-186-njy sahypalarynda aýratyn bellenip geçilýär.

Bu ynsanyň ady diňe türkmen taryhynda däl, eýsem ençeme çeşmelerde geçýär. Onuň ady Abdylla Rudakynyň, Abulkasym Ferdöwsiniň, ibn Sinanyň, Nyzamy Genjewiniň, Abulkasym Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň eserlerinde-de ýatlanyp, “Barbat heňi”, “Barbat usuly”, “Barbatça mukam” ýaly jümleler köp gaýtalanýar diýip, taryhçylar ýazýarlar.

Bütin Gündogarda adyny ebedileşdirip giden ol ynsan dürli halklara degişli saýylýar.

Beýik sazandanyň doglan gününiň 1400 ýyllygy bellenýän döwürde, belli sazanda hem saz sungatynyň taryhyny öwreniji Çaryýar Jumaýew metbugatda çykyş edip, ol ynsanyň bizde gadyrynyň bilinmeýändigini aýdypdy hem-de käbir sazlaryň Barbatdan gaýdýan bolmagynyň mümkindigini belläpdi. Meselem, “Saltyklar”, ondan hem aýratyn “Garry saltyk” ir zamanlar Seljuklar döwletiniň gimni bolupdyr diýen çaklama bar.

1991-nji ýylda Täjigistanyň paýtagty Duşanbede Barbat Merweziniň doglan gününiň 1400 ýyllyk ýubileýi geçirilip, ol täjik saz sungatnyň düýbüni tutujy hasaplandy.

Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň sungat hem medeniýet işgärleri Täjigistanda bolanlarynda, olar Duşanbe şäherindäki “Kohi Borbad”, ýagny Barbadyň köşgi atly merkezi konsert zalynda çykyş edipdiler. Başgaça aýdylanda, häzirki wagtda Barbady täjikler ýaly dabaralandyrýan hem hormatlaýan ýok.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalisti, täjik halkynyň taryhyndan birnäçe kitabyň awtory Salim Eýubzod bilen gürrüňdeş bolup, ondan Barbat Merwezä täjik diýilmeginiň sebäplerini sorady. Söhbetdeşligi ýazyjy Hudaýberdi Hally geçirdi.

S.Eýubzod: Täjikler Merwezini klassyky saz toparlaryny esaslandyrjy saýýarlar. Onuň 12 sany mukamy muňa esas bolup, olardan altysy galypdyr. Şeýle hem Täjigistanyň köp taryhy edebiýatlarynda Barbad ýatlanyp geçilýär. Onuň eden işleri aýdylýar. Ol ýylyň her güni üçin dürli öwüşginde bolan 360 saz eserini döredipdir. Elbetde, şuny-da aýtmalydyrys, taryhy ýazgylardada onuň täjik ýa-da türkmendigi açyk aýdylmandyr. Ýöne birnäçe gadymy awtorlar, meselem, 12-nji asyrda ýaşap geçen Derwiş Aly Çaňgiz, Nejimeddin Kawkaby we beýlekileriň aýtmagyna görä, ol öz eserlerine teksti diňe pars-täjik edebiýatyndan däl, eýsem Buharada hem Samarkantda ýaşan şahyrlardan alypdyr. Şuňa laýyklykda ony täjik saýýarlar. Ýöne ol dürli köşklerde, dürli patyşalara hyzmat edipdir. Şol sanda pars şalaryna-da gulluk edipdir.

H.Hally: Salim, onda onuň Mary bilen baglanyşygy nämede?

S.Eýubzod:
Şondan soňra ol Mary şäherinde seljuklar köşgünde-de gulluk edipdir. Şonuň üçin oňa Merwli Barbad ýa-da Barbad Marwazi, ýagny Maryly Barbad diýilýär.

H.Hally: Onda onuň täjikligi nämede?

S.Eýubzod: Alymlar başga-da dokumentler tapypdylar, taryhy traktatlarda görkezilişine görä, onuň doglan ýerini takyklapdylar. Belent daglaryň arasynda, Darwaz etrabynda Nisaa diýen oba bar. Ol şol Nisaa diýen obada dünýä inipdir. Şonuň üçin onuň doglan gününiň 1400 ýyllygyna şol ýerde ýadygärlik oturdyldy. Bu 1992-nji ýylda bolupdy. 91-nji ýylda bolsa Duşanbede halkara simpozium geçirildi. Oňa Eýrandan, Owganystandan, Amerikadan, Ýewropadan hem dürli ýurtlardan alymlar gatnaşyp, Barbadyň ömür ýoly hem döredijiligi barada dokladlar bilen çykyş etdiler.

Barbady ençeme arap çeşmelerinde-de ýatlaýarlar. Sebäbi araplar gelende, şeýle aýdymçynyň bardygyny eşidipdirler. Onuň muizzin bolmagyny, Kurhanyň sürelerini owazly okamagyny talap edipdirler. Ol bolsa mundan ýüz öwrüpdir. Şonda oňa saz çalyp, aýdym aýtmagy gadagan edýärler. Aýdylyşyna görä, ol bary bir aýdymam aýdypdyr, sazam çalypdyr. Arap çeşmelerinde hem onuň Badahşanyň etegindäki Pamir daglarynda ýerleşen Nisaa obasynda doglandygy aýdylýar. Mundan hem täjik alymlary netije çykaryp, hakykatdanam ol ýerde Nisaa obasynyň bolany üçin, şeýle netijä gelipdirler. Bu pamir daglarynyň eteginde, Täjigistanyň häzirki Darwaz etrabynda ýerleşýär. Şonuň üçinem ol şol ýerden gelip çykan hasaplanýar.

H.Hally: Häzir Barbatdan galan takyk sazlar barmy?

S.Eýubzod:
Takyk sazlardan şaş makam, ýagny alty mukamdan käbiri saklanypdyr. Meselem, olardan “Nowruz” bar, ol şol alty mukamyň içinde çalynýar. Şaş makam aslyna uly mukamlar toplumy bolup, ol ýerde dürli ritmler, dürli öwrümler bar. Harby sazlar, ruhy göteriji sazlar, gimnler, mylaýym sazlar bar. Şol mukamdaky sazlaryň atlandyrylyşy gadymy kitaplarda Barbada degişli hasaplanýan sazlaryň atlaryny ýada salýar. Mysal üçin “Horasan” diýen saz bar. Öň aýdyşym ýaly “Nowruz”, “Sarogoz”, “Ufar”, “Sarşor”, “Çorzarb” we başgalar.

Gadymy ktaplarda “Barbad özünden soň şeýle-şeýle sazlary galdyrdy” diýilýäni şaş mukamda gabat gelýär. Şonuň üçin ol Barbadyňkydyr hasaplanýar. Ýöne olaryň hakykatdanam Barbada degişlidigini takyk tassyklamak mümkin däl. Sebäbi ol döwüre nota ýazgysy bolmansoň, ýazgy saklanmandyr. Şeýle atly eserler eýran dastgahlarynda hem bar. Arap nowbalarynda-da bar. Şol sanda azerbaýjan mugamlarynda-da şeýle sazlar bar. Sebäbi ol dürli imperiýalarda, dürli häkimiýetlerde gulluk edipdir. Ol köşklerde bolsa dürli milletleriň sazandalary bolar eken. Mundan hem ol sazlaryň dürli ýerlere ýaýran bolamgy mümkin diýilýär.

H.Hally: Indi täze gözlegler üçin başga näme bar?

S.Eýubzod:
Mundan daşary-da sazyň ýörite görnüşi, usuly bolup, oňa “Mawrigi” diýilýär hem ol Barbada degişlidir hasaplanýar. Ol sazlar Täjigistanyň häzirki saz eserlerine meňzemeýär. Ol düýpden başgaça. Bu bolsa seljuklar imperiýasy darganyndan soň Barbadyň okuwçylary Buhara dolanyp, özleri bilen bu ugury getirendir diýilýär. Bu ýörite ugur. Häzir Buharada täze bir topar döräp, bu sazlary çalýarlar. Ol topar golaýda Duşanbede hem çykyş edip, şol sazlary çalyp berdiler. Internet sahypasynda hem onuň çykyşlary bar. Olar düýpden başga, ol biziň elimizde bolan hiç saza, şol sanda alty mukama-da meňzemeýär.
XS
SM
MD
LG