Sepleriň elýeterliligi

Ýemende müňlerçe adam proteste çykdy


Sananyň köçelerinde we Ýemeniň beýleki şäherlerinde proteste çykan on müňlerçe protestçi prezident Aly Abdylla Salehiň 32 ýyllyk dolandyryşynyň soňlanmagyny talap etdiler.

Şaýatlar Sana uniwersitetiniň ýanyna 5 müň çemesi protestçiniň topalanadygyny aýdýarlar. Demirgazykda Ib we Dudeýda şäherlerinde müňlerçe adam proteste çyksa, paýtagtyň 200 km günortasyndaky Teýz şäherinde azyndan 10 müň adam protest bildirdi.

Ýerli resmiler duşenbe güni günortadaky Abýan welaýatynda ýaragly adamlaryň eden iki hüjümi netijesinde iki esgeriň öldürilendigini, 11-siniň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG