Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň nebit çykaryşy ýarpy kemeldi


Halkara energiýa gullugy Liwiýadaky bidüzgünçiligiň dünýäniň 12-nji uly nebit eksportçysynyň nebit çykarmasyny ýarpy kemeldendigini aýtdy. Liwiýa her gün 1,6 million barrel çemesi nebit öndürýärdi.

Muňa garamazdan, Saud Arabystany şu gün nebit bazaryndaky durnuklylygy saklajagyny, nebit önüminiň ýeterlik mukdarda boljagyny aýtdy.

Bu beýanatlar Hytaý milli nebit korparasiýasy Liwiýadaky önümçiligini togtadandygyny we öz işgärlerini bu ýurtdan çykarandygyny aýdandan soň edildi.
Liwiýada işleýän beýleki daşary ýurt kompaniýalary hem öz önümlerini görnetin kemeltdiler.
XS
SM
MD
LG