Sepleriň elýeterliligi

Premýer-ministrden soň Tunisde iki ministr işden gitdi


Duşenbe güni Tunisiň geçiş hökümetiniň iki ministri birden işden çekildi. Olar öňki režimiň adamlaryny işden aýyrmagy talap eden protestçileriň käbiriniň ölüminden soň işden çekilen premýer-ministrden soň şeýle karara geldiler.

Senagat we tehnologiýa ministri Mohamed Afif Çelbi we palanlaşdyryş we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mohamed Nury Joýni ýanwarda halk gozgalyňy esasynda prezidentlikden çetleşdirilen Ben Aliniň hökümetiniň agzalarydy.
XS
SM
MD
LG