Sepleriň elýeterliligi

Kaddafi özüni ähli halkynyň söýýändigini aýdýar


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi ABC telekanalyna, BBC telekanalyna we Londondaky «The Times» gazetine «özüniň ähli halk tarapyndan söýülýändigini» aýtdy we Tripolide özüne garşy protest bolandygyny inkär etdi.

Ol öz halkynyň özüni gorap öljekdigini aýtdy we bu verde köçelerde hiç hili demonstrasiýa ýok diýdi.

Demokratiýa tarapdar güýçler indi Liwiýanyň gündogaryny doly kontrol astyna aldylar we hukuk toparalary protestçilere garşy güýç ulanylmagy netijesinde azyndan müň adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG