Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisioneri KGB türmesini konsentrasiýa lagerine deňeýär


Belarusiýada geçen prezident saýlawlarynyň ozalky oppozisiýa kandidaty howpsuzlyk güýçleriniň tussag edilen protestçilere garşy adam gynamalaryny we «konsentrasiýa lagerleriniň» usullaryny ulanandyklaryny aýtdy.

Ales Mihaýlewiç Minskide bolan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Belarusyň Döwlet howpsuzlygy komitetiniň deslapky tussaghanasy barada gürrüň berdi.
Mihaýlewiç dekabr aýynda tussag edilip, fewralyň başlarynda, häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk etmäge razylyk berenden soň azat edildi.

Ol Aleksandr Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanan dawaly saýlawlaryndan soň on müňlerçe adamyň proteste çykmagy sebäpli köpçülikleýin pitnä meçew bermekde aýyplanan ozalky kandidatlaryň we aktiwistleriň arasyndady.
XS
SM
MD
LG