Sepleriň elýeterliligi

Eýran oppozisiýanyň proteste çykmaly däldigini duýdurýar


Eýran oppozisiýa aktiwistleriniň täze protestlerden saklanmalydygyny duýdurdy.
Baş prokuror Golam Hoseýin Mohseni Ejeýiniň «kanuna garşy hereket eden her bir adama garşy çäre görler» diýeni habar berildi.

Oppozisiýa liderleri Mir Hosseýin Musawi bilen Mehdi Karrubiniň internet saýtlary olaryň boşadylmagyna basyş etmek üçin ikinji gün, 1-nji martda proteste çykmaga çagyrdy.

Musawi bilen Karrubi tarapdarlaryny 14-nji fewraldaky demonstrasiýa çagyranlary üçin öý tussagy edildi. Olaryň Internet saýtlary duşenbe güni Musawi bilen Karrubiniň öz aýallary bilen bilelikde Tährandaky Heşmatiýe türmesine salnandygyny habar berdi.

Resmi Fars habarlar gullugy bu habaryň ýalandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG