Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: Kaddafiniň indi gitmeli wagty geldi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton indi Kaddafiniň haýal etmän, başga zorluksyz we hiç bir gijikdirmezden gitmeli wagty boldy diýdi.

Klinton bu sözleri Ženewada BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde eden çykyşynda aýtdy.

Klinton halkara jemgyýetçiligini Liwiýa krizisini çözmäge kömekleşmekde mundan beýlägem bilelikde işleşmäge çagyrdy.

Ol Kaddafiniň režimi asuda adamlary gorkuzmagyny we öldürmegini dowam etdirýärkä Waşingtonyň islendik çäräni aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Biraz öň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Neýwi Pillaý BMG-niň Adam hukuklary geňeşine ähli döwletleriň Orta Gündogardaky reformalary goldamalydygyny aýtdy.

Soňky habarlara görä, Liwiýanyň lideri Kaddafä wepaly güýçleriň paýtagtda protestçileri dargytmak üçin ot açmagy netijesinde birnäçe adam ölüp, beýlekileri ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG