Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kaddafiniň zorluklary inkär etmesi «samrama» diýýär


Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Muammar Kaddafiniň daşary ýurt metbugatyna beren düşündirişleri liwiýa lideriniň reallykdan nähili üzňedigini görkezdi diýdi.

Kaddafi liwiýalylaryň özüni söýýändigini aýtdy we köçelerde söweşiň barýandygyny ret etdi.

Şeýle-de Raýs Birleşen Ştatlaryň Liwiýadaky oppozisiýa toparlaryna gol uzadýandygyny aýtdy.

Onuň bu beýanaty Birleşen Ştatlaryň uruş gämileriniň we söweş uçarlarynyň Liwiýa golaýladylýan we liwiýa liderine we onuň ýakyn töweregine degişli 30 milliard dollarlyk emlägiň doňdurylan wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG