Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: türkmen ilçihanasy nämeden çekinýär?


Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy, Moskwa.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy, Moskwa.

Russiýa Federasiýasynda hereket edýän “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşik, GDA-nyň çäginde ýaşaýan watandaşlar boýunça federal agentlik, Türkmenistan bilen medeni we işjeň gatnaşyklar boýunça dostluk guramasy hem-de “Ors-Türkmen öýi” döredijilik konkurslaryny yglan etdiler.

Konkursyň guramaçysy, Orsýet Federasiýasynda hereket edýän “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşigiň ýolbaşçysy Wasiliý Kroworotenko bilen Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Indi Türkmenistanda: “Orsýet. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” atly konkursy geçirmeklik planlaşdyrylýar. Wasiliý Georgiýewiç, gürrüňimizi oňa görülýän çärelerden başlasak gowy bolardy.

“Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşigiň ýolbaşçysy Wasiliý Kroworotenko
W.Kroworotenko:
Özboluşly buklet hem okuw-metodik gollanma taýýarlamagy göz öňünde tutýarys. Ýakyn günlerde onuň işini tamamlaýarys. Ony hem rus, hem türkmen dillerinde çykarmagy maksat edinýäs. Ol ýerde esasy görkezijiler bar. Konkursa esasan ýaşlar gatnaşar diýip, umyt edýäris, olaryň hossarlary-da gatnaşarlar. Biziň häzirki guwanýan dostlugymyzyň döredilmegine gatnaşan, onuň berkakalygyny üpjün eden atalaryň hem gatnaşmagyna garaşýarys. Men konkursyň açykdygyny aýratyn belläpdim. Muňa dürli pikir-garaýyşly hem dürli ynançlara eýerýän adamlar gatnaşyp bilerler. Sebäbi biziň guramalarymyz syýasy däl.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, konkursa gatnaşyjylaryň ýașy çäklendirilenok-da. Bu hem garrylar, hem ulular üçin. Şeýlemi?

W.Kroworotenko: Şeýle aýtsak, milletiň dürli gatlagy üçin. Bu döredijilik intelligensiýasyna-da degişli bolar. Ylym işgärlerine-de degişlidir. Sebäbi gollanmalar taýýarlananda, iki ýurduň belli taryhçylary gatnaşdy. Bu örän gowy çekeleşikli gürrüň bolar diýip, umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Konkursy Türkmenistanda geçirmegi planlaşdyrýaňyzmy?

W.Kroworotenko:
Hawa. Konkurslar hem Türkmenistanda, hem Orsýetde geçiriler. Bir zady aýratyn belläsim gelýär. Men “Orsýet-Türkmenistan geljekde bilelikde” proýektiniň esasy ugurlary açyk diýmek isleýärin. Onuň açyk bolmagynyň sebäbi biz oňa diňe bir Orsýetde ýa Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň däl, beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriňem gatnaşmagyny isleýäris. Gollanmalary türkmenleriň köplükde ýaşaýan beýleki ýurtlarynda-da alar ýaly ederis. Hususan, bu ýerde gürrüň Türkmenistandan çetdäki Owganystan, Eýran, Hytaý hem beýleki ýurtlar barada barýar.

Azatlyk Radiosy: Maglumatlary olara nähili ýetirmegi göz öňünde tutýarsyňyz? Siz adamlaryň bu konkursa gatnaşmagyny nähili guramakçy?

W.Kroworotenko: Bu konkursa gatnaşjak adamlar meselesinde șeýleräk… Mümkinçilikden peýdalanyp, ilki bu ýerde çykyş etmek bilen size minnetdarlyk bildirýärin. Sebäbi Türkmenistanyň ilaty Azatlyk Radiosyny örän gowy diňleýär, köp adam diňleýär. Biz şeýle hem Halkara bileleşigiň saýtynda bildiriş ýerleşdireris. Olar konkursa gatnaşmak barada soraglar berip bilerler we takyk jogap alarlar. Biziň elektron adresimiz şeýle: intermig54@mail.ru Biz islendik ýüzlenmäni gutlaýarys. Şeýle konkursy geçirmek ideýasy barada bize položitel seslenmeler gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosy: Meniň bilşimçe, Russiýa Federasiýasynda “Türkmenistan. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” diýen konkursyň 3-nji tapgyry eýýäm yglan edildi. Onuň Türkmenistanda geçirilişi nähili bolar?

W.Kroworotenko: Bu ýerde häzirlikçe, meniň bir zady belläsim gelýär, ençeme gowy seslenmeleriň bardygyna garamazdan, başgarak seslenmelerem gowuşýar. Käbirleri ýöne gelip: “Biz siziň proýektiňize gatnaşmak isleýäris” diýýärler. “Biz studentler konferensiýasyny taýýarlamaga gatnaşjak” diýýärler. “Biz Moskwada gurulmagy göz öňünde tutulýan Magtymgulynyň ýadygärligini dikltemäge gatnaşjak” diýýärler. Orsýetiň Çeperçilik akademiýasyndan gelýärler. Olar “Biz Sereteliniň ýanyna barmaga taýýar, kim heýkeltaraş, kim proýektiň awtory bolmaly we beýlekileri maslahatlaşmaga gatnaşaly” diýýärler.

Biz birnäçe neşirleri hem göz öňünde tutýarys. Gözleg işleri bilen gyzyklanýan studentlerem az däl. Bu ýerde metodiki gollanma işlerinden başlap, rusça-türkmençe gepleşik sözlügine çenli we proýektiň beýleki ugurlary işlenip düzülýär. Ýöne bize gowuşýan maglumata görä, şol adamlaryň garyndaşlary ýa-da Halkara saýtlara girýänler Türkmenistanda ýakymsyz ýagdaýy başdan geçirýärler. Başgaça aýdylanda, Türkmenistanyň ilçihanasy bizde gorky, birek-birege ynamsyzlyk ýagdaýyny döretmek isleýär. Beýleki tarapdan bolsa, gorky ýagdaýyny döretmäge çalyşýarlar. Bu diňe biziň proýektimize däl, eýsem islendik raýatyň hem adamyň iň ýönekeý hukuklaryna gapma-garşy gelýär.

Azatlyk Radiosy: Ilçihananyň şeýle ýakymsyz täsir döretmegine esas barmy?

W.Kroworotenko:
Biz açyk gurama ahyryn. Bize örän dürli pikir-garaýyşly adamlaryň gelýändigini men eýýäm aýtdym. Proýektiň çäginde biziň ädimlerimiz barada maglumat hökmünde ilçihananyň wekillerine, prezidentiň töweregindäkilere ýoýlan gep-gürrüňleri ýetirýärler. Biz bolsa prezident Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän özgerişlikleri goldaýan toparlar bilenem, ony goldamaýanlar bilenem diskussiýa guramaga taýýar. Sebäbi biz bu ýerde iki prezidentiň öňe sürýän aladalaryny görýäris. Biz halkara gurama bolanymyz üçin, şol meseleler barada BMG-de, Adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna-da ýüzlenip bileris. Siziň soragyňyzyň özeni biziň proýektimiziň açyklygynda. Biz gep-gürrüň syýasaty bilen asla ylalaşmajakdygymyzy aýdaýarys. Sebäbi bu iki ýurduň liderleriniň öňe sürýän aladalaryna ters gelýär.

Azatlyk Radiosy: Muny hut olaryň edýändigi barada alada etmäge sizi näme mejbur edýär? Muňa sizde tutaryk barmy?

W.Kroworotenko: Esasy tutaryk biziň guramamyzyň 22 ýyllyk iş tejribesi. Biz şol döwür içinde gelen adamlaryň takyk teklip bilenmi ýa-da başgarak maksat bilen gelenini bilýäris. Şeýle adamlar bolýar, göze görünmän gelýär, göze görünmänem ýitýär. Bașgaçarak adamlar bolýar olar, gelip, “biz bu işleri etmäge taýýar” diýýärler, men olaryň adyny aýdyp durmaýyn. Başga-da adamlar bolýar, biz olaryň nireden gelýändigini duýýarys, men, elbetde, ýörite gulluklaryň adyny tutjak däl. Biz olaryň diýýäninden gaty daşda. Men şeýle düşünişmegiň hem türkmen tarapynda, ilçihananyň wekillerinde hem bolmagyny isleýärin. Sebäbi ähli maglumat ilçihananyň üstünden gidýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ilçihana bilen öz guramaňyzyň hyzmatdaşlyk derejesine nähili garaýaňyz? Bu gatnaşyk soňky wagtda özgerdimi?


W.Kroworotenko: Siz bilýäňizmi, meniň göwnüme bolmasa, ilçihanada öňki prezidentiň döwründe nähilidir bir inertlilik, durgunlyk boldy. Şol ýagdaý häzirem saklanyp galýar. Onuň düýp maksady dost gözlemek däl-de, duşman gözlemek. Hut şol duşman gözlemek ilçihana tarapyndan has güýçlendi. Şol çalt gelip-gidýän oglanlar, olaryň ýüz keşbi günortana çalymdaşmy ýa dälmi, tapawudy ýok, meniň göwnüme bolmasa, olar şol durgunlygyň saklawy. Olar geljek üçin iş edenoklar. Proýekt babatda-da işlänoklar. Döwlet ara hyzmatdaşlyk barada iş alyp baranoklar, bu ýerde ýerleşen türkmen diasporasy hakda alada edenoklar. Olar Türkmenistandaky rus dilinde gürleýän milletleriň aladasyny-da edenoklar, ýagny olar hiç kim üçin işlänoklar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, ilçihana siziň aragatnaşyklaryňyza oňaýly seslenmän gelýän bolmaly?

W.Kroworotenko: Diňe bir seslenmek däl, ine, inisiatiwa toparyny alsak, onuň ýolbaşçysy, Ýaroslawlyň Simfoniki orkestriniň dirižýory Myrat Annamämmedowy ýatlasak, örän gowy ynsan, rus adamynyň gözi bilen seredeniňde, ol tüýs türkmen, hem sahy, hem myhmansöýer, dostana. Ine, hut şeýle adamlar Orsýet-Türkmenistan dostluk gatnaşyklarynda öňe çykarylaýjak ýaly, emma, gynansak-da, ilçihana bu ugurda hiç bir takyk ädim ädenok.

Azatlyk Radiosy: Şeýle-de bolsa, siz özüňizde bar bolan maglumatlary olara ugradyp, olara ýüzlenip durýarsyňyzmy?


W.Kroworotenko: Elbetde, muny hemmeler bilýär.

Azatlyk Radiosy: Aýdaly, siz bir zat iberýäňiz, olar jogap bermeýärler, siz barýarsyňyz, olar sizi kabul etmeýärler. Şeýle faktlar bolýarmy?

W.Kroworotenko:
Bizi kabul etmedik gezekleri ýok. Ýöne näçe çagyrsagam, ilçihananyň haýsydyr bir resmi wekili biziň geçirýän çärelerimeze gelmedi. Hatda käbir Orsýet ýolbaşçylary-da gatnaşmakdan saklanýarlar. “Ilçihana bize saklanmagy maslahat berdi” diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz ilçiniň hut özüne ýüz tutup gördüňizmi? Onuň bilen gatnaşygyňyz nähili?

W.Kroworotenko: Ilçihana töwerekden “duşmanlary” gözleýänçä, ilçi bilen meniň örän gowy gatnaşygym bardy. Ol B.Şyhmyradow, soňra W.Žirinowskiý türkmen ilçihanasynyň öňünde miting geçirýänçä, dowam etdi. Biz, elbetde, şol mitinglere gatnaşdyk we dowam edýän ýagdaýa düşünmäge çalyşdyk.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň halkynyň arasynda uly tapawut bar. Hatda ol we beýleki prezidentiň töweregindäkiler bilen prezidentleriň hut özlerinde-de tapawut bar. Şu günki günem oppozisiýany gözlemek dowam edýär. Ol bolsa ýok. Ýöne olar öz işlerini görkezjek bolup, proýektiň töwereginden “duşmanlary” gözlemek ilen meșgullanýarlar. Ýoýlan maglumatlar. Hamana, bu ýerde nähilidir oppozisiýa döredilýärmiş we başgalar. Munuň yzynda bolsa hem ilçihana, hem ol üýşmeleňden beýlekä ylgaýan oglanlar durýar.

Azatlyk Radiosy: Wasiliý Georgiýewiç, bu gürrüňçilgiň ahyrynda geçiriljek şol iki konkursyň maksady barada gysgajyk aýdyp berseňiz gowy bolardy.


W.Kroworotenko: Bu proýektiň maksady – iki ýurduň prezidentleriniň Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gumanitar, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky inisiatiwalaryny goldamak. Biz goňşulardyrys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG