Sepleriň elýeterliligi

Rabiýa Kadeer: “Göreşimiz mydama parahatçylykly bolar öýdemok”


Hytaýyň Urumçy şäherindäki protestlerde etniki uýgur zenan polisiýany saklamaga çalyşýar, 7-nji iýul 2009-njy ýyl.

Hytaýyň Urumçy şäherindäki protestlerde etniki uýgur zenan polisiýany saklamaga çalyşýar, 7-nji iýul 2009-njy ýyl.

Ýakyn Gündogarda ýerleşýän käbir ýurtlaryň liderlerine garşy protestler dowam edip, Merkezi Aziýadaky liderler bolsa öz hökümetleriniň ykbaly barada alada edýän häzirki pursatynda Hytaýda ýerleşýän uýgurlaryň lideri Rabiýa Kadeer dogduk mekanyndan juda uzakda, ýagny ABŞ-da uýgurlaryň garaşsyzlyga gowuşmagy üçin plan düzýär.

Sanlary 20 million töweregi bolan uýgurlar öz ykballaryny özleriniň kesgitlemegine rugsat talap edip gelýän bolsalar, 2009-njy ýylyň iýul aýynda Urumçyda bolan gan döküșlik olaryň bu babatda alyp barýan hereketiniň ugruna hem öz täsirini ýetirdi.

Ýakyn Gündogarda höküm sürýän diktaturlara garşy güýçli hereketler dowam edýärkä, uýgurlar nähili iş alyp barýarlar, olaryň bu wakalara garaýyşlary nähili? Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu meseleler bilen gyzyklanyp, Bütindünýä Uýgur Kongressiniň ýolbaşçysy Rabiýa Kadeer bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gürrüňe ýakynda Müsürde bolan wakalar bilen bagly tema boýunça başlasym gelýär. Siz bu ýurtda bolup geçen wakalara nähili baha berýärsiňiz?


Bütindünýä Uýgur Kongressiniň ýolbaşçysy Rabiýa Kadeer
Kadeer:
Mubarek häkimiýet başyndan çekildi, emma onuň kärdeşleri heniz hem häkimiýet başynda galýarlar. Meniň pikirimçe, ýurtda demokratik düzgünleri ýola goýjak bir adam halk tarapyndan saýlanýança, ilat protestleri bes etmez.

Emma şol protestleriň dowamynda meniň göwnüme jay bolan zatlardan biri: Mubaregiň ilaty basyp ýatyrmaga synanyşmazlygydyr. Eger şeýle demonstrasiýalar Hytaýda bolan bolsady, uly göwrümli gan döküșiklik bolardy.

2009-njy ýylyň iýul aýynda Urumçyda bolan wakany ýadyňyza salyň, Hytaýyň howpsuzlyk güýçleri parahat protestçilere garşy güýç ulandy, şonuň netijesinde bir gijäniň dowamynda müňlerçe adam heläk boldy. Bu 1989-njy ýylda Tiananmen meýdanynda bolan waka meňzeýärdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Mubarege ýurdy terk etmäge rugsat edilmelimi?

Kadeer: Hawa, rugsat edilmeli, emma ol ilki bilen geçen 30 ýylyň dowamynda ýurda ýolbaşçylyk eden döwri bilen bagly maliýe meseleleri barada halk tarapyndan orta atylýan soraglara jogap bermeli we ondan soň oňa ýurdy terk etmäge rugsat edilmeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, geljekde Hytaýda hem şeýle wakalaryň bolmagy mümkinmi?

Kadeer: Şony umyt edýäris, emma şeýle protestler gurnalaýsa, Hytaýda uly gan döküșiklik bolar. On müňlerçe adam heläk bolar. Sebäbi hytaý ýolbaşçylary haýsydyr bir şeýle hereket bolan ýagdaýynda ony basyp ýatyrarlar.

Azatlyk Radiosy: Uýgurlar barada gürrüň etsek, Müsür we Tunis ýaly bolmasa-da, 2009-njy ýylda Urumçyda hem ganly wakalar we protestler bolup geçdi. Siziň garaşsyzlyk ýa has uly göwrümli awtonomiýa üçin alyp barýan tagallalaryňyz, umuman aýdylanda, şol pursata çenli parahatçylykly bolup, emma 2009-njy ýylda bolan şol waka gaty tapawutlydy. Siziň pikiriňizçe, Urumçyda şeýle wakalaryň has artmagy mümkinmi?

Kadeer: Meniň pikirimçe, ganly wakalaryň bolmagy mümkin, sebäbi Hytaý uýgurlara garşy güýç ulanmagy dowam etdirýär. Regionda ýagdaý gaty erbet. Her maşgaladan ençeme adam türmelerde saklanýar. Hytaý režimi şol adamlary yzarlamagy we öldürmegi dowam etdirýär.

Şunlukda olar uýgurlary dartgynlyga baş goşmaga mejbur edýärler. Şonuň üçin men uýgurlaryň bu hereketi mydama parahatçylykly bolar öýdemok. Emma biz öz maksadymyza ýetmek üçin tagallalarymyzy parahatçylykly ýagdaýda dowam etdirmekligiň tarapdary. Men Hytaýyň hökümetini mydama uýgurlary dartgynlyga baş goşmaga mejbur etmezlige çagyryp gelýärin.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Urumçyda ýagdaý nähili?


Kadeer: Ýagdaý gün-günden agyrlaşýar. Uýgurlaryň mekani bolan Urumçy we Kaşgar söweş meýdanyna meňzeýär. Hytaýyň harbylary, harby maşynlar we tanklar köçelerde aýlanyşyp ýörler. Uýgurlaryň kadaly durmuşynyň bardygyny aýtmak gaty kyn.

Mundan ozal Hytaýyň syýasaty uýgurlary assimilýasiýa etmek bolsa, 2009-njy ýylyň iýulyndan soňra, olar uýgurlary kartadan ýok etmek syýasatyna başladylar. Adamlary asyp öldürmek ýaly wakalar gaty köp bolýar we öldürilýänleriň arasynda san boýunça uýgurlar Hytaýda birinji orunda durýar.

Azatlyk Radiosy: Hytaý size separatist diýýär, siz separatistmi?

Kadeer: Eger siziň topragyňyz diktatura tarapyndan basylyp alnan bolsa, siziň milli kimligiňizi dargatmak barada tagalla edilýän bolsa we adamlaryňyz öldürilýän bolsa, bu kemsitmelere garşy göreşýänler nähili separatist bolar?

Käbirleriniň şeýle pikir etmegi mümkin, emma men bu tagallamyza separatizm hökmünde garamaýaryn. Bu uýgurlaryň öz watany, Hytaý biziň topragymyzy 1949-njy ýylda basyp aldy.

Hytaý basyp alyjydyr. Eger topragy basyp alan güýç, topragy basylyp alnan adamlary separatizmde aýyplaýan bolsa, oňa kadaly ýagdaý hökmünde garap bolmaz. Hatda uýgurlar Hytaýdan bölünmek isleýän bolsalar-da, men oňa separatizm hökmünde baha berip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Onda siz Hytaýdan bölünmek isleýärsiňizmi?

Kadeer: Hytaý bize Sinszýan awtonom respublika diýen ady berdi. Emma bu baradaky kanun hiç haçan iş ýüzünde amala aşyrylmady. Uýgurlar Hytaýyň kontrollygy astynda ýaşamaga hiç haçan razy däldiler.

Häzirlikçe biziň talap edýän zadymyz, öz ykbalymyzy özümize kesgitlemäge rugsat berilmegi. Mundan beýläk näme etmeli diýlen mesele-de Hytaýyň bize berjek jogabyna görä hereket ederis.

Azatlyk Radiosy: Siz ençeme ýyldan bäri daşary ýurtlarda sürgünlikde ýaşap ýörsüňiz, özüňüziň halkdan üzňeleşenligiňizi pikir edeňzokmy? Eger şeýle bolsa siziň edýän talabyňyzyň, Urumçydaky halkyň talabyna gabat gelýänligini aýtmaga esas barmy?

Kadeer: Käbir adamlaryň talaby meniňkä gabat gelenok. Meselem, men Hytaý tarapyndan kabul ediler ýaly, hem-de halkyň gany dökülmezden, ol öz azatlygyna gowşar ýaly ýoluň saýlanmagynyň tarapdary. Sebäbi men gan döküșiklik bolmagyny islemeýärin. Emma Uýgurlaryň belli bir toparynyň garaýşy meniňkiden juda tapawutly. Emma meniň pikirim bilen ylalaşmaýanlygyna garamazdan, olar maňa bolan hormaty üçin özlerini saklap gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Olar näme talap edýärler?

Kadeer: Olar Hytaýdan üzül-kesil azat bolmak isleýärler we bu maksatlaryna ýetmek üçin näme etmeli bolsa-da, etmäge taýýardyklaryny aýdýarlar. Emma men ol ýoly oňlamok, men olary köşeşdirmäge synanyşýaryn. Men öz halkyma buýsanýaryn, sebäbi olar meni diňleýärler.

Azatlyk Radiosy: Tibetli ruhany ýolbaşçy Dalai Lama ýaly, uýgurlar hem sürgünlikde hökümet gurmak barada pikirlenýärlermi?


Kadeer: Biz bu barada gelejekde pikir alşarys. Maksadymyz şeýle hökümeti bireýýäm gurmakdy, emma Hytaýyň hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýan bir topar adam ýakynda sürgünlikdäki hökümet diýen at bilen bir galp hökümet gurdy, olaryň maksady biziň gurmakçy bolýan hakyky hökümetimiziň öňüni almak.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda uýgurlaryň gurultaýynyň geçiriljekdigini aýtdyňyz, şol gurultaýda sürgünlikde hökümet gurmak meselesine hem garalarmy?

Kadeer: Elbetde, biz bu barada pikir alşarys. Emma bu hökümeti ýygnagyň yz ýanydan gurmagy planlaşdyrmaýarys. Bu ișiň iki-üç ýyl wagt almagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Düşünişime görä, sürgünlikde gurulmaly hökümet ýakyn wagtda gurulmaz. Siz awtonomiýanyň hem tarapdary däl, doly garaşsyzlyk hem isläp baraňzok, onda mundan beýläk ätmekçi ädimiňiz nämeden ybarat?

Kadeer: Eger biz awtonomiýa talap etsek, Hytaý size awtonomiýa berdik diýýär, emma beýleki tarapdan hem, adamlarymyzy gyrýar. Eger biz uýgurlara doly garaşsyzlyk berilsin diýsek, onda Hytaý bizi separatizmde aýyplaýar. Şeýle ýagdaýda siz separatist diýip, halkara jemgyýetçiligi bizden gaça durar. Emma biz orta ýoly tapdyk, ýagny bize öz ykbalymyzy kesgitlemäge rugsat edilsin.

Uýgurlar awtonomiýanyň öz ykbalymyzy özümize kesgitlemäge rugsat edilýän görnüşi esasynda Hytaý bilen gepleşikler geçirmäge taýyn. Meselem, Sudan öz halkyna öz ykbalyny kesgitlemäge rugsat etdi, Hytaý hem Sinszýan welaýatynyň ýaşaýjylaryna öz isleglerini referendium arkaly beýän etmäge rugsat etsin.

Emma Hytaý 2009-njy ýylda bolan wakadan öň we soň, biziň regionymyza millionlap han Hytaýlylary getirip ýerleşdirdi, şeýle ses berlişik bolan halatynda olaryň ses bermäge hukugy bolmaly däl.
XS
SM
MD
LG